Wäşi, höwesjeň pianist we 3 çagaň buýsançly kakasy Atageldiň resmi hasaby | Official account of Atageldi, comedian, amateur pianist & proud father of 3 kids
* KARZ PUL ALÝANÇA, HAÝYŞY BARKA: agam jan, bratok, akgam, hajy aga, işan aga, baý aga, başlyk, dost jan, dogan jan, jan-jan heý-jan sensiň iň eý jan
* KARZY GAÝTARMALY BOLANDA, IŞI BITENSOŇ: ýagdaýym ýok, ýürege düşdiň, "belgi öçürlendir/ elýeterli däl", tamaňy tala daň, ýok...
Klasdaşlary neressäni dirikä gömdüler. Pahyr ölensoň bolsa, ýaňky oglanlar her gezek üýşenlerinde pahyry ýagşylykda (!) ýatlaýalar.
"Kemini goýman etjegimizi etdik, indem ýerden alyp suwaly" diýýän ýaly.
@gerchek_ Eýýäm 88 güni, ýagny dörtden biri geçipdir. Galanam düýş ýaly geçip gider, darykma.
Aslynda ýol düzgünleri ýaly, durmuşda-da näme edip, nämeden saklanmalydygy, hereketiň soňy eýýäm ýazylan, aýdylan we tejribe edilen.
Bize pellehana çenli gaýrat edäýmek galýa, gün sypdyrman. 😊
Oraza aýynda her birimiz azyragam bolsa, başardygymyzça, öz-özümize erk edip, käbir zatlardan saklandyk.
Indi özümiz we jemgyýet üçin peýdaly ine şu endigimizi dowam etdirip bilsek, durmuş has ajaýyplaşar.
Oraza baýramyňyz bilen! Geljek ýyllara-da saglyk bilen hudaý ýetirsin.
14-nji fewralda erkekleň telefony: "Abonentiň telefony öçürlendir ýa-da ol hyzmat ediş çäginden daşdadyr"...
15-nji fewralda erkekleň telefony: "+993------ belgili müşderi ulgamda"
Bir klasdaşym jaň edip karz pul soraýar. Menem "kisäm edil bilbiliň ketegi ýaly" diýdim; "aý şonda-da sende ýatan-turan teňňejik bardyr-la" diýýär.
Özem owal 20-a golaý adamdan aldap karz alyp, "dynç alyp" gelen.
Gan bilen giren, jan bile çykaýmasa, "dynç alsa-da" düzeljek däl.