Birisi eý diýer, biri beý diýer,
Meger, halas dälsiň az-küş günäden.
(Kim ak jüýje bolup,
şol aklygyna
Ötüp gitdikä bu ýagty dünýäden?)
- Kerim Gurbannepesow
Eger student e-mail adresiňiz bar bolsa şu linkden ençeme premium tool-lary (Cloud, Design, Developer tools, IoT, Learn, Marketing we ş.m) belli wagt mugt ulanyp bolýar. https://t.co/WhSLX5nSLc
Özüm köpden bäri ulanyp ýördüm, paýlaşmagy ýatdan çykarypdyryn.
Jikme-jik:
1)Salam millet , biz , ýagny türkmen ildeşlerimiz bolup häzirlikçe kiçi bolan, ýöne gelejekde uly platformalaryň biri boljak startupymyza başladyk.
Indi bir topar gohuň arasynda gerekli zadynyňy tapmak has kyn. Şol sebäpden programmirlemäni öz-özi öwrenen biri hökmünde geçen ýollarymy süzgeçden geçirip, täze öwrenjelere ýetirmegi makul bildim.
Gyzyklanma bildiýän ähli höwesjeňleri çagyrýan, sizem çagyryň 😉
#GDGAshgabat