#Turkmenistan Halk Maslahatynyň başlygy we öňki prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow öňünden yglan edilmedik sapary bilen ABŞ gitdi https://t.co/seFg0aD6QX
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio we ýörite wekil Serjio Gor 30-njy ýanwarda #Turkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. https://t.co/iiC65MmSxB
Soňky günlerde #Turkmenistan dollaryň resmi kursdan bäş esseden ýokary bolan gara bazardaky nyrhy uzak wagtdan soň birden peseldi. https://t.co/7Ycvkhz43M
2025-nji ýylyň dowamynda #Turkmenistan syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalanyň, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň ýene bir wekili Oguljahan Atabaýewa işjeň orun alyp başlady. https://t.co/yJ7JIAingq
Täze ýyl baýramynyň golaýlamagy bilen, #Turkmenistan ýetginjekleriň pirotehniki serişdeleri, partlaýjy maddalary emeli usullar bilen ýasamagy we öz deň-duşlaryna satmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygjamlaşdy.
https://t.co/dgn9GYSBiL
18-nji dekabrda Türkiýäniň #Istanbul şäherindäki Altynbaş (Altinbaş) uniwersitetine baran #Turkmenistan studentleriň ýüzlerçesi ýokary okuw jaýyna duýdansyz goýberilmedi.
https://t.co/OletQ3Du7a
Sosial ulgamlarda “Hitrowskin” lakamly ulanyjy, görnüşinden, ýutdaky barha ýitileşýän et meselesine ünsi çekip çap eden iň soňky wideolarynyň birinde aýdan sözlerinden soň, köpçüligiň gözünden ýitirim boldy. https://t.co/rBouIHVxAY
ABŞ #Turkmenistan girizilen wiza çäklendirmelerini gowşadyp, migrasiýa bilen bagly bolmadyk wizalara girizilen gadaganlygy ýatyrdy, şol bir wagtda, Birleşen Ştatlarda hemişelik ýaşamak üçin niýetlenen immigrasiýa wizalary boýunça çäklendirmeler saklanýar https://t.co/ZIjyAOpNHb
#Turkmenistan gündogar-günbatar sebitlerinde dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar. Saglyk müdirlikleriniň birindäki ygtybarly çeşmämiz hassalyk zerarly ölüm hadysalarynyň hem hasaba alnandygyny aýdýar.
https://t.co/xhwBjQ6a7a
10-njy dekabrda bütin dünýäde Adam hukuklary güni (AHG) bellenilýär. “Human Rights Watch” guramasy bu sene mynasybetli ýaýradan beýanatynda #turkmen aktiwistleriniň adalatsyz tussaglykda galmagynyň dowam edýändigini aýtdy. https://t.co/nULeYLGwN8
#Turkmenistan Aşgabatda soňky bir hepde bäri welaýatdan baran ýaşaýjylar öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýar, dilegçiler we arakhorlar wagtlaýyn tussag edilýär, it-pişikler zäherlenip, ýok edilýär, köçeler we gijeki klublar ýapylýar. https://t.co/GE3DbwHqi9
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, Waşingtonda Milli Gwardiýanyň goşunlaryna edilen hüjümden soň, 19 ýurtdan gelenleriň her biriniň "Green Card" dokumentiniň immigrasiýa statusynyň gözden geçiriljekdigini yglan etdi.
https://t.co/asjaBdXYEu
#Turkmenistan ýüzbe-ýüz bolýan suw meseleleri barha ýitileşýär, mallary suwa ýakmak hem uly meselä öwrülýär, adamlar öz içjek agyz suwlaryny mallary bilen paýlaşmaly bolýar.
https://t.co/gc5qo0YNUo
Köp aýallyk #Turkmenistan kanunlaryna ters gelýän, emma durmuşda köp duş gelýän ýagdaýa öwrüldi. Azatlyk bu ýagdaýyň aýratynlyklaryny, sebäplerini we ýetirýän täsirlerini öwrendi. #polygamy#womensrights
https://t.co/kJ9fN8MmTy
#Turkmenistan daşynda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalary çagalarynyň okuwy üçin pul geçirmekde kynçylyk çekýärler.
Bankda olardan käbir goşmaça kagyzlar talap edilip başlanypdyr.
https://t.co/2Hl2MQjMy8
Türkiýe öz giňişliginde tussag edilip, ýitirim bolan #turkmen aktiwisti Alişer Sahatowa halkara goragyny bermekden ýüz öwürdi.
Bu barada Türkiýäniň Ankara şäherinde noýabryň başynda geçirilen sud diňlenişiginiň kararynda aýdylýar.
https://t.co/bumFET57hh
Şu günler Marynyň köçelerinde PÝGG işgärleriniň sürüjilere jerime ýazmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi.
Awtoulag sürüjileriniň ençemesi olaryň özlerine töhmet atyp, dürli bahanalara esaslanyp, yzygiderli jerime ýazýandygyny aýdýar. https://t.co/sjpaOPMa79
Russiýada neşeli derman serişdeleri bilen ele salnyp tussag edilen ýokary derejeli türkmen resmisini boşatmak boýunça #Turkmenistan tarapyndan edilýän tagallalar barada goşmaça maglumatlar peýda boldy.
https://t.co/WfHgCg0qXk