Öňler Malahowda roddomda çaga çalyşma meselesini görenimde, çagalary bio maşgalasyna yzyna beresi gelmeýän roditellery düşünemokdym. Indi öz çagam bar, biri bir gün gelip çagaňyzy roddomda çalyşypdyrys, yzyna çalyşyň diýse “paşolsaňaý” diýerin.
@nuryslam24525 Elimdäki çaga bilen çalyşmazdym. Bio çaga bilen aragatnaşyk tutardym, ýöne o tarapdaky maşgala gowy bolsa nädip elinden çaga aljak? Erbet maşgala bolsa - başga mesele. Başyňa gelmese (daş etsin) plan diýip boljak mesele däl welin :D ýöne öz çagamy bermejegimi 100% bilýän
Her 6 aýda endokrinolaga , birem salonçylara ýolum düşýär. Ikisem şol bir summa pul alýar menden. Dr. garaşdyrmaýar, 5 min garaşmaly bolsam ötünç soraýar, ýagdaýyňy soraýar, hemişe gülerýüzli, şadyýan. Salonça gayrat et wagt tapaý dp yalbarmaly ustunede odoljeniyaly gürleyar :D
@notusernot1 Elbetde pikirleriň deň gelmeýän adamlar bilen distanciýa goýmaly. Balans bolmaly, saňa zyýan getirýän bolsa daşda durmaly. Menem öňki ýaly bolup bilmezdim, ýöne gaty görmeşek 1-3 gün bolsa bolmaly, soňra bagyşlamaly adamlary. Iň azyndan salama ýer goýmaly.
Arada ýakyn joram pahyr boldy. Soňky 3 ýyl gaty görüşip gürleşmedik, hemme zadyň günäsi soňky döwür moda bolan “ego” we şonuň bilen gitdi…Ömrümde beýle puşman bolmadym, her gün düýşüme gelýär. Şonuň üçin gaty görmäň bir-biriňizden, distanciýa goýuň ýöne adamlary salamsyz goýmaň.
@sonacharyyeva Diýjek bolýan zadym, şuwagt Mainstream bolan self-love, özüňden başga hemmesini günäkärlemek, adamlara toksik diýip at dakmak bilen uzaga gidip bolanok. Adama jemgyýet gerek, ötünç soramagy we bagyşlamagy öwrenmeli. Hiç kim ideal däl, her kim bu durmuşy biribji gezek ýaşaýar
@sonacharyyeva Başgalaryň maşgala meselesi sebäpli arada galdyk, ol bir tarapda men başga tarapda, soňra indi dünýägaraýşymyz deň gelenok diýip „self-love“, „I choose myself“adyna bir birimizi durmuşymyzdan çykardyk. Ýöne pahyr bolanynda 3 ýyl boýunça söýgümiň bir gram azalmadygyny gördüm.
Adam gideninde bolup geçen erbet zatlar şeýle bir kiçi zatlardy diýip düşünýäň. Bar ýadyňa düşýän zat bir saçakdan iýeniňiz, bir geýim geýeniňiz, pul seniňki meniňki diýmeden sowanyňyz. Her ýarym ýylda bir ýazaýyn , ýaraşaly diýip pikirlenýärdim we ýazyp ýetişmedim
Türkler gyz almak gymmat ol byl diýip aglaýalar welin, olaryň gyzlary kiçi wagtyndan bäri bir topar zat çöpläp bukja edýärler. Hemme öýe gerek zatlary gyz getirýär. Käbirleri dyson pylsos bilen robot pylsosa çenlä kredida batyp alýarlar. Aglamasalaram bolýar paccanlar
@gyrmyzygyzjagaz Birem ol gyzyllary soňra gyza gidenok. Hememsi ýada bir bölegi (iň azyndan ) Maşgala üçin bir zat edilýär. Ýada öý alynýar, ýada maşyn, ýada ýigit business açýar, ýada çaga-çuga çykdaýjysyny ýapýalar. Biziňkiler köplenç dakyp gezýär ol gyzyllary
@gyrmyzygyzjagaz Aý ol bukja ýanynda gyzyl hiç zat bolup galýar. Tanyş türk joram bar (häli durmuşa çykmadyk, ýaş ýigit hem ýok häli) türk kofe käse sety bar, ruçnoý iş, 6 sany käsä ~1000$ beripdir :D kellä gelmejek zatlar bar bukjasynda. Kafe gidenok, gezenok ýöne bukjasyna siňdirýär puluny
Öňler dogany bilen +3yaş bar adamlar ýaş arasy ulydyr öýdýädim.Eje bolanymdan soňra, dogany bilen arasy 1-2 ýyl barlar paşty hemmesi planlanmadygyna göz ýetirdim :D indi gözüme 4-5 ýylam az gelýär.Arasy 4 ýyl boljak bolsa,basically eliňde 3 ýaşly bäbege seredip, göwreli bolmaly🥴