https://t.co/DnlOSCgv5D
Käbir adamlar käbir adamlaryň ykbalyna şeýle bir dahylly bolýar welin, olaryň ölümi öz ölümiň hakda pikir etmegiňden hem has güýçli täsir edýär.
''Ruh bakyny küýseýär, bakylykdan gelen gözbaşyna dyzaýar. Ol güýmenjäni däl, hakykatdanam, özüne baky hemra boljak dosty küýseýär...''
https://t.co/oYcevsDjMP
Soňkylar hem näme iş bitiren bolsalar, şonuň bilen göçüp gitdiler. Olaryň yzynda biz galdyk. Biz muny sapak edinsek, halas bolarys. Ýok, geldi-geçer ýaşasagam, onda heläk bolarys.
Hezreti Ebu Bekir Syddygyň (r.a) sözlerinden
https://t.co/kE0lvwEHkU
– Eý, Allanyň gullary! Sizden öň ötüp geçenler barada oýlanyň. Bakyýete göçenlerden sapak alyň. Olar düýn nirededi, bugün nirede?! Hany, söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen gerçekler nirede? Wagt olaryň hem hötdesinden geldi. Şu wagt olaryň bary çakyr süňk bolup ýatyrlar.
Indi olar diňe ýagşylykda ýa ýamanlykda ýatlanar. Çünki her kimiň sylagy onuň bitiren işine görädir. Hany, Ýer ýüzünde köşki-eýwanlar saldyran patyşalar nirede?! Olaryň bary ötüp gitdi. Hamana ýaşamadyk ýaly, biz bu gün olaryň birini hem ýatlamyzok. Dünýä olara galmady.
Beden agzalaryndan başlap ruhunyň her bir tikesine çenli diňe ebedilik, bakylyk üçin ýaradylan ynsan oglynyň özüni harlamagyndan has uly tragediýa bolup bilermi eýsem?!https://t.co/7AsRGa5oY2
Gowy görýän adamlarymyň ýene birini jaýlap gaýtdyk.
Özüňe ýakyn hasaplaýan adamlaryň ýok bolman, olaryň diňe dünýesini çalyşandygyny bileniňde, muňa çyn ýürekden ynananyňda, bu ynanç-ygtykat düşünjesi seniň sönen çyra mysaly ruhuňy birdemde ýagtaldyp gidýär.
Şol atlar okalmasa ebedilik üçin sünnälenip ýasalan ynsan, döwrüň materialistik dili bilen aýdanyňda, diňe nerwlerdir duýgylardan, beýniň çylşyrymly signallaryndan ybarat pany, gymmatsyz biologik mahluga öwrülýär. Adam mydama öz gymmatyny özi gaçyrýar.
Soň ara dymyşlyk girdi. Biz ikimiz ýene oglumy synlamaga durduk. Oglum mellegimizde has yzgarlyrak ýer tapdy-da, hezil edip palçyk oýnady. Näme üçindir şol pursat ýaňadan çagalyga gaýdyp barmak arzuwy meniň ähli duýgularymy gurşap aldy.
Dowamy kyssahanda...