Öýde hanym bilen nahara oturdyk welin oglanlaryň biri “Bile nahar iýeli” diýip jaň etdi, pikirlenmän “ÝOK” diýdim. Sebäbi men galan günlerem öýde nahar iýesim gelýä, kelle agyrysyz ýaşasym gelýä…
Işde, söwdada seniň bir ýüzüň, abraýyň ýa-da referanslaryň bolýar. Köp adam diňe sen bolanyň üçin seniň bilen işleşýär (senden köp zat gazananok belki) emma işe (söwda) başga bir aga-iniňi, dostuňy işgäriňi goşsaň halanok. Umuman başdan soňuna çenli muhatabym sendäraý, düşünäýdä
Bir işi gowy bilip hem şony edip ýören oglanlaryň köpüsiniň ýalňyşýan ýeri; oňa goýulan maýa goýumy arkaýyn sowýar. Maýa goýumy şol işe däl-de “Srawno ýerine goýaryn, mesele bolmaz” pikiri bilen başga işlere (bilmeýän pudagyna) goýýar ýa-da sowýar. Şeýdibem serial başlanýar…
Başlyklar üçin ogrulyk etmän, diňe öz işini edýän işgärleriň kän bir gadyry ýok ýaly, olar üçin lewy işlemäni gowy görýän, şustri ýöne mesele çözýän işgär has gymmatly. 1-nji işgäriň ýerini aňsat dolduryp bolýa emma 2-nji işgäriň ýerini doldurmak kyn…
Köpçülik bilen deň hereket etmeseň kak budto sen samsyk ýaly görýäler. Düýn Tejende toýda otyrys welin klasdaşlar “Biz hemmämiz Agda sen ýeke özüň Mara gitdiň, kelläň bir hiliräk öýdýän!” diýýäler.
Bilenoklar hakyky egzamen Maryda akgam…