Uçar Garri Reid halkara howa menziline howpsuz ýagdaýda gondy; ABŞ-nyň Federal awiasiýa gollugy (FAA) ekipažyň hereketlendirijiniň ýanmaga başlandygyny habar berendigini we wakanyň derňelýändigini mälim etdi.
Las-Wegasdan Meksikanyň Gwadalahara şäherine tarap ýola çykanyndan gysga wagt soň, "Volaris Airbus A321" kysymly uçaryň hereketlendirijisinde ýangyn çykdy.
Ukraina gije boýy Russiýa garşy giň möçberli uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler amala aşyrdy. Moskwadaky resmiler ýurduň dürli sebitlerinde 1100-den gowrak uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýtdylar.
Paýtagtyň howa giňişliginde 450-den gowrak uçarmansyz howa ulagy ýok edildi, hüjümler Moskwanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna we ýaşaýyş jaýlara zeper ýetirdi. Resmiler Moskwada we onuň töwereginde azyndan iki adamyň ölendigini we 20 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.
Wideoýazgyda Singapuryň golaýynda Hytaýyň baýdagyny göterýän “Lu Qing Yuanyou 108” gämisiniň Panamanyň baýdagyny göterýän ýük gämisi bilen çakyşýan pursadyny görüp bolýar.
Palestinaly bir çaga basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Ramallah şäheriniň demirgazygyndaky Sinjil şäherçesiniň günortasynda ýerleşýän al-Tell diýilýän ýerinde raýatlara we öýlere hüjüm edýän ysraýylly çaga we ýetginjek gelmişeklere garşylyk görkezýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyna gatnaşmak we duşuşyklar geçirmek üçin Nýu-Ýork şäherine baran Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan "Türk Öýüniň" golaýynda türk raýatlary bilen duşuşdy.
Berlinde geçirilen protest mahaly düşürlen wideolarda polisiýa işgärleriniň Palestina bilen raýdaşlyk bildirip protest geçiren demonstrantlara zorluk bilen hüjüm edýändigini we tussag edýändigini görüp bolýar.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Birleşen Milletler Guramasynda eden taryhy çykyşlary bilen tanalýar. Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-niň 81-nji Baş Assambleýasynyň öňüsyrasynda Erdoganyň ýyllaryň dowamynda eden iň meşhur çykyşlaryndan käbir böleklerini size hödürleýäris.
ÝB çagalaryň sosial mediýa elýeterliligini çäklendirmek boýunça başlangyçlar edýär
13 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial mediýa elýeterliligi çäklendiriler. 13 we 14 ýaşly çagalar bolsa diňe ene-atalary ýa-da hossarlary tarapyndan açylan “kiçi hasaplary” ulanyp bilerler.
“Save the Children” atly haýyr-sahawat guramasynyň soňky sowalnasynyň netijesine görä 2020–2025-nji ýyllaryň aralygynda 12 müňden gowrak çaga partlaýjy ýaraglar sebäpli aradan çykdy ýa-da ýaralandy. Bu her gün bäşden gowrak çaganyň şeýle ýaraglardan zyýan çekendigini aňladýar.
Ispaniýanyň polisiýa gullugy 18-nji sentýabr, anna güni irden Ispaniýanyň Afrikanyň demirgazygyndaky Seuta sebitindäki deňiz kenarlarynda ýüzlerçe migranty şäheriň portundaky wagtlaýyn ýaşaýyş ýerlere göçürmäge başlady.
Gazadaky ýarym milliondan gowrak okuwçy 3 ýyla golaý arakesmeden soň, Ysraýylyň genosid urşunyň we mekdepleriň köpüsine ýetiren weýrançylygyň döredýän adatdan daşary bilim şertlerinde bilime ýaňadandan başlaýar.
Ysraýylly esgerler tarapyndan goldanylýan ysraýylly gelmişekler basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýa sebitiniň Al-Halil şäheriniň demirgazygyndaky ekin meýdanlaryna gitmäge synanyşan palestinaly daýhanlary tussag etdiler.
Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Masafer Ýatta sebitindäki Al-Marker obasyna bikanun ýagdaýda ýaşaýan ysraýylly gelmişekler toparynyň geçiren reýdnde, maskaly ysraýylly gelmişek palestinaly aýala taýak bilen hüjüm etdi.